«Liwerpul» futbol klubunyň eýesi bolan Fenway Sports Group ýakyn günlerde klubuň paýnamalarynyň azyndan 30%-ini hindi milliarderi Lakşmi Mittalyň giýewsi Amit Bhatiýanyň ýolbaşçylygyndaky konsorsiuma satýandygyny yglan etmegi ähtimal. Bu barada «Sky News» neşiri habar berýär. Konsorsiuma «Amazon-y» döreden Jeff Bezos we «Facebook-yň» esaslandyryjylarynyň biri Eduardo Sawerin hem girýär. Gürrüň klubuň eýesiniň doly çalyşmagy barada däl-de, diňe paýnamalaryň bir böleginiň satylmagy barada barýar. Eger ylalaşyk gazanylsa, klubuň bahasy, takmynan, 6 milliard dollara ýetip biler. «Liwerpuldaky» paýyň satylyp bilinjekdigi barada ilkinji gezek iýul aýynda belli bolupdy. Şonda «Financial Times» maýadarlar konsorsiumynyň paýnamalar bukjasy üçin, takmynan, 1,8 milliard dollar tölemäge taýýardygy barada habar berdi. Fenway Sports Group «Liwerpuly» 2010-njy ýylda satyn aldy.