Alymlar el ujunda smartfonyň ýoklugy bedeniň ölçäp bolýan fiziologiki reaksiýasy bilen utgaşýandygyny anykladylar. Bu reaksiýa, esasanam, nomofobiýasy güýçli, ýagny telefon ulanyp ýa-da aragatnaşykda galyp bolmaýanlygy sebäpli aljyraýan ýa-da güýçli howsala düşýän adamlarda has-da aýdyň ýüze çykdy. Häzire çenli şeýle reaksiýalar, esasan, pikirsoraşmalar arkaly öwrenilýärdi. Täze barlagda alymlar ýanyňda smartfonyň bolmazlygy bedeniň işleýşine täsir edýärmi-edenokmy, barlamak kararyna geldiler. Munuň üçin olar elektrodermal işjeňligi — der mäzleriniň we simpatik nerw ulgamynyň işleýşi bilen baglanyşykly deriniň elektrik geçirijiliginiň üýtgemelerini ölçediler. Bu synaga Karaçidäki Dou Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň diş lukmançylygy ugrundan okaýan 110 talyp gatnaşdy. Olar ilki NMP-Q soragnamasyny doldurdylar, soňra barlagçylar gatnaşyjylary nomofobiýasynyň derejesine görä toparlara böldüler. Olaryň köpüsinde aram derejeli nomofobiýa, dörtden birinde bolsa güýçli nomofobiýa bardy. Netijeler Scientific Reports žurnalynda çap edildi. Barlaga gatnaşyjylar ilki smartfonlaryny 15 minut ulandylar, soňra olary 45 minut elýeterden uzakda goýdular. Şu aralykda barlagçylar her gatnaşyja iki gezek jaň etdiler we üç habar iberdiler. Şondan soň, telefon ýene 15 minutlyk yzyna berildi. Ýanlarynda smartfon ýok wagty ortaça elektrodermal işjeňlik 0,02 mikrosimensden 2,87 mikrosimense çenli ýokarlandy. Telefon yzyna gaýtarylyp berlenden soň, görkeziji 1,80 mikrosimense çenli peseldi, ýöne başlangyç derejeden ýokary bolmagynda galdy. Gatnaşyjynyň nomofobiýasy näçe güýçli bolsa, fiziologiki reaksiýasy şonça-da aýdyň ýüze çykdy. Şeýle-de bolsa, ýürek urşy kän üýtgemedi, dem alşy bolsa düýbünden özgermedi diýen ýaly. Awtorlar bu barlagyň netijesi adamlaryň smartfonsyz halys oňup bilmejekdigini subut etmeýär diýip nygtaýarlar. Alymlar kortizolyň derejesini ýa-da beýleki biohimiki alamatlary ölçemediler, şeýle hem synag wagtynda gatnaşyjylaryň näderejede howsala düşendigine we dartgynlylygy başdan geçirendigine gönüden-göni baha bermediler. Üstesine, ýene bir göz öňüne tutmaly zat — synaga gatnaşanlaryň hemmesi diş lukmançylygy ugrundan okaýan talyplardy, aglabasam zenan.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir