Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Abelardo de la Esprielýa ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany betbagtçylykda heläk bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi. Ejir çeken adamlaryň tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. 10-njy awgustda irden Kolumbiýanyň günbatarynda 7,4 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Soňky maglumatlara görä, tebigy betbagtçylygyň netijesinde heläk bolanlaryň sany 265-den geçdi, 3 500 töweregi ýaşaýjy bolsa şikes aldy. Dürli çeşmelere görä, 3-4 müň töweregi adam dereksiz ýiten hasap edilýär. Betbagtçylyk zolagynda halas ediş gulluklary tarapyndan gözleg-halas ediş çäreleri häzirem dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir