HBO tarapyndan düşürilýän «Harri Potter» serialynyň 2-nji möwsüminde rollaryň birini «Äpetleri boýun egdiren Jek» we «Supermen» ýaly filmleriň ýyldyzy Nikolas Holt ýerine ýetirer. Aktýor gara güýçlerden goranmagy öwredýän, özünden juda göwnühoş mugallym Zerboş Burmanyň (Gilderoy Lockhart) keşbini janlandyrar. Ikinji möwsüm «Harri Potter we gizlin otag» kitabyna esaslanar. Warner Bros. kompaniýasynyň 2002-nji ýyldaky doly metražly filminde Burmanyň keşbini Kennet Brana ýerine ýetiripdi. Mundan öň seriala doly göwrümli filmlerde görkezilmedik gahrymanyň – poltergeýst Piwziň keşbini ýerine ýetirmek üçin 53 ýaşly aktýor Piter Serafinowiç hem çagyrylypdy. «Harri Potter we jadygöýiň daşy» 25-nji dekabrda başlanar. Holt ýylyň ahyryna çenli «Banky nädip ýarmaly» ("How to Rob a Bank") trillerinde hem peýda bolar.