Belgiýanyň Şime kommunasynda güýçli guraklyk sebäpli suwuň aşa köp sarp edilmegine, şol sanda otluk ýerleriň suwarylmagyna we howuz doldurylmagyna 350 ýewro möçberinde jerime girizildi. Çäklendirmeler 31-nji awgusta çenli hereket eder diýip, RTL habar berýär. Teleradioýaýlymyň berýän maglumatyna görä, şeýle çäreler eýýäm 10 kommunada kabul edildi. Şimedäki ýagdaý has çylşyrymly: ol ýerde ýerasty suwlar rekord derejede peseldi. Agyz suwuny ulanmaga bolan çäklendirmeler Sloweniýada hem başlandy. Ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky 16 munisipalitetde baglary we otlary suwarmak, awtoulaglary ýuwmak hem-de howuzlary doldurmak gadagan edildi. Diňe ilatyň esasy durmuş hajatlary bilen bagly ýagdaýlarda kadadan çykma ýol berler. Şeýle hem güýçli jokrama yssy we guraklyk birnäçe Ýewropa ýurtlarynda Dunaý hem-de Reýn derýalarynyň suw derejesiniň gaty peselmegine alyp bardy. Bu ýagdaý gämi gatnawyna, atom energetikasyna we ýangyç üpjünçiligine täsir etdi. Häkimiýetler energiýa üpjünçiliginde ýüze çykyp biljek bökdençlikleriň öňüni almak üçin gyssagly çäre görýärler.