Türkmenistanda «Hyzmatly Dostlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan işlenip düzülen «Bilgir» atly milli emeli aň platformasy tanyşdyrylar. 2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda sagat 17:00-da, paýtagtdaky «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň «Şamelek» restoranynda «Hyzmatly Dostlar» hojalyk jemgyýetiniň geňeşilýän «Bilgir» atly täze milli emeli aň programmasynyň hem-de kompaniýanyň ýerli IT-işläp taýýarlamalarynyň alty sanysynyň uly tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. «Hyzmatly Dostlar» HJ-niň döwrebap tehnologiýalaryň binýadynda döreden «Bilgir Emeli Aň» programma üpjünçiligi çäräniň esasy üns merkezinde bolar. Şeýle hem myhmanlara «Hyzmatly Dostlar» hojalyk jemgetiniň hödürleýän beýleki milli sanly çözgütleri tanyşdyrylar, şol sanda: «Sungur ERDU» ulgamy, «Gorag» antiwirus programmasy, «Ulgam ara» wideomaslahatlar üçin aragatnaşyk ulgamy, «Dermanym» sanly lukmançylyk kitapçasy, «Türkmen Sence» wirtual gorag ulgamy. Guraýjylaryň habar bermegine görä, hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, «Hyzmatly Dostlar» HJ gatnaşyjy guramalaryň ýolbaşçylaryna degişli şertnama boýunça özüniň «Gorag» we «Sungur ERDU» programma üpjünçiliklerini mugt gowşurar. Sene: 2026-njy ýylyň 15-nji awgusty Sagat: 17:00 Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, «Aşgabat» SDAM, «Şamelek» restorany Önümçilik eýesi we guramaçy: «Hyzmatly Dostlar» hojalyk jemgyýeti Çagyrylýar: sanly tehnologiýalar bölümleriniň ýolbaşçylary, IT-hünärmenler we telekeçiler

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir