Google uly Made by Google 2026 tanyşdyryş dabarasyny geçirip, birbada birnäçe täze önümlerini — Pixel 11, Pixel 11 Pro, Pixel 11 Pro XL we eplenýän Pixel 11 Pro Fold smartfonlaryny, Pixel Watch 5 akylly sagadyny we beýleki enjamlaryny tanyşdyrdy. Pixel 11 ýady uly bolmagy sebäpli $100 gymmatlady Esasy Pixel 11-iň bahasy Pixel 10-dan tapawutlylykda, 100 dollar gymmatlap, 900 dollardan başlaýar. Ýöne indi standart wersiýada ozalky 128 GB-yň deregine 256 GB ýat bar. Enjam 120 Gs täzelenme ýygylygyna eýe bolan 6,3 dýmly Full HD+ ekran we 12 GB operatiw ýat (RAM) bilen üpjün edildi. Iň esasy täzelik bolsa TSMC-niň 2 nanometrlik tehnologik prosesi esasynda öndürilen Tensor G6 çipidir. Google kompaniýasy onuň brauzerde 25% çalt işleýändigini, goşundylary 15% tiz açýandygyny we Tensor G5-e garanyňda 20% tygşytlydygyny mälim etdi. Esasy kamera 48 megapiksellik sensora eýe boldy, şeýle hem suwdan we tozandan goraýyş hem-de Android-iň ýedi ýyllyk täzelenmeleri bar. Pixel 11 Pro-da operatiw ýadyň göwrümi az bolar Pixel 11 Pro we Pro XL şol bir Tensor G6 bilen üpjün edildi. Geçen ýylky modellerdäki 16 GB-yň deregine, esasy wersiýalarda indi 12 GB operatiw ýat bar, emma toplaýjy ýadyň göwrümi 256 GB-dan başlaýar. Pro modeliniň 6,3 dýuýmly, Pro XL modeliniň bolsa 6,8 dýuýmly ekrany bar. Iki displeýem 1-den 120 Gs aralygynda işleýär we ýagtylygy 3600 kd/m² çenli ýetýär. Kameralarynyň arasynda 50 MP esasy sensor, 5 esse zumly 48 MP periskop kamerasy we 48 MP aşa giň burçly kamera bar. Pixel 11 Pro-nyň bahasy — 1100 dollardan, Pixel 11 Pro XL — 1300 dollardan başlaýar. Pixel 11 Pro Fold öňki modelden ýeňil, ýöne batareýasynyň kuwwatyny ýitirdi Eplenýän Pixel 11 Pro Fold täze şarnir, keramiki goraýyş aýnasy we täzelenen korpus gurluşy bilen üpjün edildi. Agramy 10%, ýagny 238 gram çenli azaldy. Daşky ekran 6,5 dýuýme çenli ulaldy, içerki ekran 8 dýuýmligine galdy. Şol bir wagtyň özünde, smartfonyň akkumulýatory kiçeldi — öňki modeldäki 5015 mAh-yň deregine 4806 mAh boldy. Enjam Tensor G6-da işleýär, 16 GB operatiw ýady we azyndan 256 GB toplaýjy ýady bar. Bahasy — 1900 dollardan başlaýar. Pixel Watch 5 asla üýtgemedi diýen ýaly Google Pixel Watch 5 sagadyny 41 we 45 mm wersiýalarda tanyşdyrdy. Sagatlar 3000 nit ýagtylyga çenli öňki displeýlerini we 20% çaltlaşan Snapdragon W5 Gen 2 prosessoryny saklap galdy. Täze önüm ýürek urşuny, EKG-ni, temperaturany, gandaky kislorod derejesini yzarlamaga ukyplydyr. Şeýle hem gan basyşynyň uzak möhletleýin üýtgemelerini we insuline duýgurlygy yzarlamak funksiýalary peýda boldy. Bu iki funksiýa soňra Pixel Watch 4 sagatlarynda hem işläp başlar. Pixel Watch 5 41 mm-iň bahasy — 399 dollar, 45 mm — 429 dollar. Google şeýle hem Gemini emeli aň modeliniň aýda 1 milliard işjeň ulanyjy görkezijisine ýetendigini habar berdi. Hasaba web-wersiýa, Android we iOS üçin programmalar hem-de Chrome-daky Gemini girdi. Google Search we Gmail arkaly ulanylan ýagdaýlary hasaba alynmady. Ulanyjylaryň takmynan 63%-i Gemini bilen sesli gürleşýär. Hyzmat arkaly günde 150 milliondan gowrak surat döredilýär. Deňeşdirmek üçin, OpenAI öň ChatGPT-niň 1 milliarddan gowrak hepdelik ulanyjylary barada habar beripdi, ýöne bu görkezijileri hasaplaýyş möhletiniň dürlüligi sebäpli deňeşdirmek dogry däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir