SpaceX kompaniýasy Ýeriň hemrasyna diňe bir ýük ibermek bilen çäklenmän, eýsem, kosmos tehnikasynyň doly önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlara çärýeklik hasabatynyň dowamynda mälim etdi. Meýilnamanyň çäklerinde Aýa enjamlar, gurluşyk materiallary we robotlar eltilip, şol ýerde-de hemralar ýygnalyp başlanar. Bu zawodda agyr işleriň ählisi adamlara däl-de, Tesla-nyň adam şekilli robotlarynyň esasynda döredilen awtomatlaşdyrylan toplumlaryna tabşyrylar. Esasy maksat kosmosda ýokary tizlikli maglumatlary işleýän «Starmind» hemralaryndan bir million sanysyny orbita çykarmakdan we önümçiligi Ýeriň daşynda hem giňeltmekden ybarat. Zawod üçin Aýyň saýlanmagy şol ýerdäki fiziki şertler, ýagny dartyş güýjüniň Ýerdäkiden alty esse gowşak bolmagy we atmosferanyň düýbünden ýokdugy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýangyç ulanmazdan ýükleri ýokary tizlik bilen kosmosa çykarmaga ukyply elektromagnit tizleşdirijisini gurnamaga şert döredýär. Şeýle hem Aýda kuwwatly hasaplaýyş enjamlaryny energiýa bilen üpjün etmek we sowatmak üçin Gün panelleriniň hem-de radiatorlaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu giň möçberli taslamany amala aşyrmak üçin täze görnüşli köp gezeklik göteriji raketalar ulanylar. Kompaniýanyň maliýe müdiri kosmos gämileriniň täze görnüşiniň ýük göterijiligini dört esse artdyryp, uçuş çykdajysyny on esse azaltjakdygyny habar berdi. Häzirlikçe Aýda zawodlaryň gurluşygynyň takyk möhleti aýdylmasa-da, kompaniýanyň ýokary maliýe görkezijileri bu taslamany, hakykatdan hem, amala aşyryp boljakdygyny görkezýär.