Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy 2026/2027-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlap, «Back to school» («Mekdebe dolanmak») atly haýyr-sahawat çäresini geçirdi. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Başlangyjyň çäklerinde maýyplygy bolan 25 çaga we sosial taýdan goldawa mätäç maşgalalaryň çagalaryna mekdep toplumlary gowşuryldy. Çäre «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň we Türkmenistanyň maýyplygy bolan adamlary goldamak merkeziniň ýardam bermeginde geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa wekilhananyň işgärleri bilen bilelikde çagalara sowgatlary hut özi gowşurdy we olara okuwda üstünlikleri arzuw etdi. ÝB-niň diplomaty elmydama bilesigeliji bolup, mümkin boldugyndan köp sorag bermelidigini we okamagy hiç wagt goýbolsun etmeli däldigini belledi, çünki täze mekdep torbalary we esbaplary diňe bir kitaplary götermek üçin gerek däl — olar bilim almakda, döredijilikde we şahsy ösüşde wepaly ýoldaş bolar. Çäre eýýäm bäşinji gezek geçirilýär we ÝB wekilhanasynyň inklýuziw bilimi goldamak boýunça däp bolan başlangyjyna öwrüldi. Guramaçylar mekdep okuwçylaryny zerur bolan okuw esbaplary we mekdep torbalary bilen üpjün edip, olara täze okuw ýylyna taýýarlanmaga kömek edýär. Okuw ýyly başlamazdan öň çagalaryň göwnüni götermek üçin animatorlar, sazlar, tanslar we ösdüriji oýunlar göz öňüne tutulan baýramçylyk maksatnamasy hödürlenildi.