2026/2027 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda duşuşjak ähli garşydaşlar kesgitlendi. Toparlar bu tapgyra üçünji saýlama tapgyrynyň jogap oýunlarynyň netijeleri boýunça ýetdi. Duşuşyklaryň ýeňijileri Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynda orun alar, utulan toparlar bolsa Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynda çykyşyny dowam etdirer. Pleý-off tapgyrynyň garşydaş jübütleri: «Fenerbahçe» (Türkiýe) — «Lion» (Fransiýa); «NEK Neýmegen» (Niderlandlar) — «Budýo-Glimt» (Norwegiýa); «Hapoel» Beer-Şewa (Ysraýyl) — «Sabah» (Azerbaýjan); «Slowan» (Slowakiýa) — «Sele» (Sloweniýa); «Seltik» (Şotlandiýa) — LASK (Awstriýa); «Dinamo» Zagreb (Horwatiýa) — «Wiking» (Norwegiýa); «Lewski» (Bolgariýa) — AEK (Gresiýa). Pleý-offuň ilkinji duşuşyklary 19-njy awgusta geçilýän gije, jogap oýunlary bolsa 26-njy awgusta geçilýän gije bolar. Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi «PSŽ». 2025/2026 möwsüminiň finalynda Pariž kluby Londonyň «Arsenal» toparyny utdy (1:1, pen. 4:3).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir