Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna saýlanma tapgyrynda Hindistanyň «Goa» toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçdi. Ýer eýeleri gollaryň üçüsini hem ikinji ýarymda, 14 minutyň dowamynda saldylar. Oýnuň birinji ýarymynda gol girmedi. «Arkadag» hasaby açmaga ýakynlapdy, emma «Goanyň» derwezebany Bob Jekson Raj öz toparyny ençeme gezek halas etdi. Ol oýnuň başynda Begenç Akmämmedowyň golaý aralykdan depen topuny, gönümel yzýany hem Abdy Bäşimowyň gaýtadan uran topuny yzyna gaýtarmagy başardy. Arakesmeden soň «Arkadag» basyşy has-da güýçlendirdi. 58-nji minutda Didar Durdyýewiň uran goly VAR tarapyndan seljerilenden soň, oýundan daşardaky ýagdaý sebäpli hasaba alynmady. Emma eýýäm 61-nji minutda türkmen topary barybir öňe saýlandy — Meýlis Diniýew tapawutlanmagy başardy. Aradan dört minut geçensoň Rahman Myratberdiýew garşydaşynyň ýalňyşlygyndan peýdalanyp, jerime meýdançasyna girdi-de, hasaby 2:0 etdi. 75-nji minutda Arzuwguly Sapargulyýew jerime urgusyny örän dürs ýerine ýetirip, topy derwezäniň ýokarky sag burçuna gönükdirdi we oýnuň soňky nokadyny goýdy. Indi «Goa» halkara möwsümini Aziýanyň üçünji derejeli klub ýaryşy bolan AFK Çagyryş ligasynda dowam eder. «Arkadag» bolsa AFK Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Klublaryň haýsy toparlarda çykyş etjegi 18-nji awgustda Kuala-Lumpurda geçiriljek bije çekilişikde belli bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir