Hytaýyň iň geçginli awtoulaglarynyň iýul aýyndaky sanawyna ýedi elektrokar bilen iki gibrid awtoulag girdi. Sanawda içinden otlanýan hereketlendirijili ýeke-täk model Toyota Corolla Cross boldy, onuň hem 14 510 sanysy satylyp, sanawda onunjy orny eýeleýär. Muny CarNewsChina portaly habar berýär. Hytaýyň ýolagçy awtoulaglary assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatyna görä, Geely Geome Xingyuan elektrik hetçbeki iň geçginli awtoulag bolmagy başardy. Ondan 32 306 sanysy satyldy. Bu model geçen ýyldan bäri bazarda öňdeligi eýeläp gelýär. Bu modeliň iň arzan görnüşi 61 800 ýuandan, iň gymmady bolsa 91 800 ýuanda satylýar (takmynan, $9 100 – $13 500). Ikinji orundaky Leapmotor A10 elektromobiliniň iýulda 26 424 sanysy satyldy. Üçünji orny Tesla Model Y eýeledi (25,158 sany ulag). Ol ilkinji onlukdaky iň gymmat awtoulagy boldy, onuň bahasy 263 500-den 313 500 ýuana çenli (takmynan $39 000 – $46 400). Hytaýda iň geçginli bolan 10 awtoulag (iýul): 1. Geely Geome Xingyuan (elektrik ulagy) — 32 306 sany 2. Leapmotor A10 (elektrik ulagy) — 26 424 sany 3. Tesla Model Y (elektrik ulagy) — 25 158 sany 4. Xiaomi SU7 (elektrik ulagy) — 21 044 sany 5. BYD Fang Cheng Bao Ti 7 (elektrik ulagy) — 20 320 sany 6. BYD Yuan Up (elektrik ulagy) — 20 275 sany 7. Changan Qiyuan Q05 (elektrik ulagy) — 18 871 sany 8. Lixiang i6 (gibrid) — 15 420 sany. 9. BYD Sealion 06 (gibrid) — 15 395 sany 10. Toyota Corolla Cross (benzin hereketlendirijili) — 14 510 sany

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir