Jaguar kompaniýasy Type 01 elektrokarynyň içki bezegini görkezdi. Bu awtoulag 16-njy awgustda Pebble Beach Concours d'Elegance sergisinde köpçülige görkeziler, onuň dünýädäki ilkinji tanyşdyrylyşy bolsa 6-njy oktýabrda Nýu-Ýorkda geçiriler. Salonyň iň esasy aýratynlygy Jaguar kompaniýasynyň «oňurga sütüni» (central spine) diýip atlandyrýan merkezi konsoly boldy. Ol bütin salonyň uzaboýuna geçip, giňişligi dört sany aýry zolaga bölýär. Sürüjiniň oturgyjy bolsa awtoulagy dolandyryş duýgusyny has-da güýçlendirmek üçin mümkingadar pes ýerleşdirilen. Enjamlar paneli minimalistik dizaýnda ýasalyp, ol daşyndan edil kapodyň dowamy ýaly görünýär. Ekranlar diwaryň içine gizlenipdir we diňe gerek wagty açylýar. Maşynyň içindäki adaty yzky aýnanyň ýerine täze ClearSight ekran ulgamy goýuldy. Bu ekran öňki maňlaý aýnanyň aşagynda, gapdal tarapdaky aýnalar bilen bir derejede ýerleşýär. Interýeriň bezeginde latun äheňler, teksturaly dokma önümleri we daşyndan trawertini ýatladýan materiallar ulanyldy. Gapylaryň bezeginde we merkezi konsolda ýaguaryň şekili — brendiň resmi nyşany ýerleşdirilipdir. Type 01, adyndan belli bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň ahyrynda tanyşdyrylan Type 00 konseptiniň ideýalaryny dowam edýär. Konsepsiýanyň dizaýny görkezilen wagty alasarmyk kabul edilip, kän tankyt döredipdi. Netijede, 2025-nji ýylda Jaguar kompaniýasynyň baş dizaýneri, Type 00 awtoulagynyň dizaýnyna jogapkär bolan Jerri MakGowern işden gidipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir