«Barselona» futbol kluby Google korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekilendigini resmi taýdan yglan etdi. Täze hyzmatdaşlyk klubuň janköýerler bilen aragatnaşygyny sanly ulgamlar arkaly has-da güýçlendirmäge gönükdiriler. «Barselonanyň» muşdaklary oýunlary has jikme-jik seljermek we oýnuň inçe taktiki taraplaryna aralaşmak üçin Gemini emeli aň kömekçisini ulanmaga mümkinçilik alar. Mundan başga-da, Google tehnologiýalary klubuň bütin dünýäde janköýerler jemgyýetiniň ösmegine we jebisleşmegine goşant goşar. Ylalaşykda Google Pixel smartfonlaryna-da aýratyn üns berilýär. Bu enjamlar klubuň erkek we zenan toparlarynyň gündelik durmuşyny beýan edýän aýratyn sanly mazmuny döretmekde esasy gurala öwrüler. Şeýle hem Pixel smartfonlarynyň interfeýsini kluba mahsus dizaýn hem-de ýörite şekiller bilen bezäp bolar. Bu futbol dünýäsiniň Google kompaniýasy bilen birinji gezek işleýşi däl. Mundan öň Fransiýanyň «PSŽ» topary hem Google bilen edil şular ýaly ylalaşyk baglaşypdy. «Täze hyzmatdaşlyk Google-yň tehnologik tejribesini we „Barselonanyň“ global derejesini birleşdirip, janköýerler bilen özara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Emeli aňy we öňdebaryjy tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň düýp özenine goýup, klub janköýerleri bilen gatnaşygyna täzeçe garamaga çalyşýar» diýlip klubuň resmi beýanatynda bellenilýär.