«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çärä degişli hünärmenler, ekologlar, bilermenler we halkara edaralaryň wekilleri gatnaşýar. Forumyň açylyş dabarasy «Berkarar» myhmanhanasynda boldy. Çäräniň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okady. «Sizi Hazar deňziniň güni hem-de «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» — diýlip, TDH-da neşir edilen gutlagyň tekstinde aýdylýar. Hatda Hazar deňzini goramak, onuň bioköpdürlüligini gorap saklamak we deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak meselelerinde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenilýär. Türkmenistanyň öňe sürýän Hazar ekologiýa başlangyçlaryna aýratyn üns berilýär. «Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän ekologik hadysalar tebigaty goramakda döwletlerden tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň goralmagy, deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly meseleler diňe bir aýry-aýry döwletleriň däl-de, eýsem, bütin halkara jemgyýetçiligiň umumy wezipesidir» — diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. Şeýle hem resminamada Hazarýaka döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady, ulag, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde Hazar deňziniň ähmiýetiniň uludygy barada aýdylýar. Maslahata gatnaşyjylar deňziň tebigy serişdelerini goramak, onuň ekoulgamlaryny ylmy taýdan öwrenmek, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek görnüşlerini gorap saklamak, suw serişdelerini goramak, hapalanmagyň öňüni almak we klimat üýtgemelerine uýgunlaşmak meselelerini maslahatlaşýar. Häzirki maslahat we Hazar deňziniň gününe bagyşlanan beýleki çäreler Hazarýaka döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir