Türkmenistanly alymlar RF-iň Altaý ülkesinde we Altaý Respublikasynda 10-njy awgustda başlanan «Uly Altaý: türki miras 2026» halkara etnografik ekspedisiýasyna goşuldy. Ekspedisiýa Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaýyň türki dünýäsi: taryhda we häzirki zamanda birlik we köpdürlülik» halkara ylmy-bilim taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu taslama Russiýadan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan alymlar gatnaşyp, türki halklaryň umumy taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenýär. Türkmenistana Ylymlar akademiýasynyň doktoranty, taryh ylymlarynyň kandidaty Aýna Baýmyradowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew wekilçilik edýär. Ekspedisiýa başlamazdan öň, oňa gatnaşyjylar Altaý döwlet uniwersitetiniň rektory Sergeý Boçarow bilen duşuşdy. Ol «Uly Altaý» taslamasynyň köp ýyllaryň dowamynda dürli ýurtlaryň hünärmenlerinde gyzyklanma döredýän halkara başlangyja öwrülendigini belledi. Ekspedisiýa wagtynda alymlar Altaý ülkesiniň we Altaý Respublikasynyň türki halklaryň ýaşaýan obalaryna barar. Olar ýerli däp-dessurlary, senetçiligi, milli eşikleri, durmuşy we ýaşaýyş tertibini öwrener. Arheologlar we etnograflar tarapyndan alnan materiallar dürli etniki bileleşikleriň medeniýetini hem-de dessurlaryny öwrenmäge, Altaýyň we Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasyndaky umumy aýratynlyklary ýüze çykarmaga ýardam eder. Ozal habar berşimiz ýaly, «Uly Altaý» taslamasynyň çäginde Katanda-I ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde alymlar at süňkleri bilen, takmynan, 1,5 müň ýyllyk hatyra aýmançalaryny tapdy.