Alymlar Günorta Amerikanyň üstünden üznüksiz hereket edýän görünmeýän çyglylyk akymlaryny ilkinji gezek jikme-jik karta geçirdiler. Bu «asman derýalarynyň» ne hanasy bar, ne-de kenary. Muňa garamazdan, olar ägirt uly mukdardaky suwy daşamaga hem-de yklymyň haýsy böleginiň has-da ygally boljakdygyny kesgitlemäge ukyplydyr. Şeýle akymlar deňiz şemallaryndan başlap, atmosferanyň aşaky gatlaklaryndaky güýçli şemallara çenli dürli howa akymlarynyň bilelikdäki täsiri netijesinde emele gelýär. Olar, adatça, gysga möhletli suw buglarynyň jemlenmeginden emele gelýän atmosfera derýalaryndan tapawutlanýar. Asman derýalary has uzak wagtlap dowam edip, çyglylygy örän uzak aralyklara geçirip bilýär. Barlagçylar hasaplama modellerini we howa seljermelerini birleşdirip, suwuň nireden gelýändigini, onuň göçüşini hem-de ygal bolup ýagjak ýerini yzarladylar. Çyglylygyň çeşmesi hökmünde okeanlar, toprak we ösümlikler hyzmat edýär. Şemal suw buguny göterip, ony yklymyň içki böleklerine ýetirýär. Alymlar aralygy dört bölege böldüler. Ilkinji zolaklarda akymlar çyglylygy, esasan, okeandan alyp, yklyma girýärler. Soňra olar yklymyň jümmüşine tarap hereket edip, suwuň bir bölegini ýitirýärler. Üçünji zolakda howa akymy haýallaýar, uzakdaky çeşmeleriň täsiri bolsa azalýar. Iň soňunda has uzakda ýerleşýän sebitler az çyglylyk alyp, köplenç, suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Tokaýlaryň hem bu ýerde aýratyn ähmiýeti bar. Ösümlikler çyglylygy gaýtadan atmosfera gaýtarmak arkaly howa akymlaryny saklaýarlar. Meselem, öňki barlaglar Peruwyň Ukaýali sebitine çyglylyk berýän zolaklardaky tokaýlaryň çapylyp ýok edilmeginiň ýyllyk ýagyn mukdaryny 5–13%, derýa akymyny bolsa 19–50% azaldyp biljekdigini görkezdi. Awtorlar täze modeliň suw serişdelerini has netijeli dolandyrmaga kömek etjekdigine ynanýarlar. Şol bir wagtyň özünde, olar asman derýalarynyň köp sanly amallara baglydygyny we her sebitde dürli çemeleşmeleri talap edýändigini nygtaýar. Geçirilen barlaglar Nature Communications žurnalynda çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir