Kanadada Porter Airlines awiakompaniýasy uçara münen bir çaganyň öz ýerinde oturmakdan we howpsuzlyk kemerini dakynmakdan ýüz öwrendigi sebäpli nobatdaky uçuşy ýatyrdy. Netijede ekipaž eýýäm uçuş-gonuş zolagyna tarap ýola çykan uçary bialaç yzyna – terminala tarap öwürmäge mejbur boldy. Bu waka Wiktoriýa halkara howa menzilinde (Britan Kolumbiýasy) bolup geçdi. 150 ýolagçyly uçar Toronto barmalydy. Edilen höre-köşelere garamazdan, kejir çagany ýerinde oturdyp, howpsuzlyk kemerini dakdyrmak onuň ata-enesine-de, ekipaža-da başartmady. Ýolagçylaryň biri Arýe Kozuç çaganyň özüni beýle alyp barmagyna gorky sebäp bolandyr diýip çaklaýar. «Ol aldygyna oturgyjyň aşagyna gizlenýärdi. Eýdip-beýdip kemer dakylaýanda-da sypyp çykýardy» diýip, ýolagçy gözi bilen gören zatlaryny aýdyp berýär. Awiakompaniýanyň wekilleriniň gürrüň bermegine görä bolsa, kejir çaga uçar ýerinden gozganan badyna oturgyjyň üstüne münüp, söm-saýak bolup durupdyr. Netijede, çaga ata-enesi bilen bilelikde uçardan düşürilýär. Yza dolanyp, maşgala düşürilýänçä, olaryň ýüki gözlenip tapylýança, uçuş resminamalary düzgüne görä gaýtadan düzedilýänçä örän köp wagt geçýär. Beýleki ýolagçylar hem uçardan düşmeli bolýar. Şeýlelikde, howa menziliniň berk wagt çäklendirmeleri sebäpli, uçuş ertesi güne süýşürilýär. Awiakompaniýa öz gezeginde ýolagçylardan ötünç sorap, olaryň petekleriniň ertirki uçjak uçarlaryň birine bron edilendigini habar berdi. Käbir ýolagçylar bolsa, myhmanhana gözläp, selpemeli bolandyklary üçin awiakompaniýadan öwez tölegini talap etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir