10-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäre BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Russiýanyň maliýe goldawy bilen amala aşyrylýan «Deňiz zibili we deňiz plastmassalary bilen göreşmek – Hazarda ulgamlaýyn çemeleşme» sebit taslamasynyň çäklerinde guraldy. Başlangyja Daşky gurşawy goramak, Bilim, Içeri işler we Goranmak ministrlikleri hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy goldaw berdi. Ekologiýa çäresine «Arzuw» çagalar dynç alyş merkezinde we «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan körpeler gatnaşdy. Maksat olaryň Hazar deňzi we tebigy gurşawy gorap saklamagyň möhümdigi baradaky bilimlerini artdyrmak hem-de olarda tebigata jogapkärli çemeleşigi kemala getirmek boldy. Gatnaşyjylara Hazaryň bioköpdürlüligi, deňziň plastik bilen hapalanmagynyň we mikroplastigiň ýaýramagynyň howplary barada maglumat berildi. Şeýle hem hünärmenler çagalary suwda we kenarda howpsuzlyk çäreleri, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri we ilkinji kömegi bermegiň esaslary bilen tanyşdyrdy. Gatnaşyjylar «Hazaryň goragçylary» interaktiw kwestine gatnaşyp, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak boýunça ýumuşlary ýerine ýetirdi, ekologiýa ussahanasynda bolsa tebigata aýawly garamaga çagyrýan suratlary çekdi. Şeýle-de, çagalar kenarýakany arassalamakda ulanylýan monitoring gurallary bilen tanyşdy. BMGÖM-üň hünärmeni Jemal Durdykowanyň bellemegine görä, bu çäre ýaşlaryň deňiz zibili baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmaga we Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamaga gönükdirildi.