Samara döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (SamDLU) klinikasynda dünýäde ilkinji gezek 101 ýaşly näsagyň pahnaşekilli boşlugynda operasiýa geçirildi. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi. Erkek adam hassahana huşsuz ýagdaýda getirildi, barlaglar bolsa netijede rinogen meningiti bilen agyrlaşan boşluk çişiniň bardygyny görkezdi. Hassahana ýerleşdirilmezden owal näsag güýçli kellagyrydan we tutuş beden agyrysyndan zeýrenipdir. Barlagdan soň lukmanlar sfenoiditiň dörändigini — kelleçanak esasynyň merkezi bölegindäki pahnaşekilli süňkde ýerleşýän pahnaşekilli boşlugyň çişendigini anyklady. «Hirurglar ýüze kesim düşürmezden, burnuň üsti bilen endoskopik operasiýany geçirdi: boşlugy açdylar, ony ýuwdular we iriňi aýyrdylar, birleşdiriji kanaly giňeltdiler», — diýip metbugat gullugy gürrüň berýär. Operasiýa wagtynda lukmanlar uniwersitetde işlenip düzülen «Awtoplan» hirurgik nawigasiýa ulgamyny peýdalandy. Ol hirurgiýa gatyşygyny öňünden meýilleşdirmäge we möhüm anatomik zolaklara şikes ýetmek töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berýär. Operasiýa ýarym sagat töweregi dowam etdi. Ondan soň näsag ýene bir hepde gözegçilikde galdy. Ýagdaýy gowulaşandan soň bolsa, öýüne goýberildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir