Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylary dünýä çempionatynyň täjirçilik hukuklarynyň bir bölegini hususy maýadarlara satmak synanyşygy dünýä futbolynda agzalalyk döretdi. Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA), Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň hem-de Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasy (KONKAKAF), şeýle-de Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) guramanyň prezidenti Janni Infantinonyň hereketlerini garaşsyz derňewden geçirmegi talap edip, bilelikdäki açyk haty neşir etdi. Dünýäniň öňdebaryjy konfederasiýalarynyň garaýşyny ABŞ-nyň Futbol federasiýasy (US Soccer), Kanadanyň futbol assosiasiýasy, Karib we Merkezi Amerika futbol birleşikleri hem goldap, FIFA-nyň aýdyňlygyny we jogapkärçiligini berkitmek üçin gyssagly reformalaryň zerurdygyny nygtady. Dawa iýul aýynyň ahyrynda FIFA-nyň şübheli başlangyjyndan soň ýüze çykdy. Guramanyň bahasy 20 milliard dollara ýetýän FFE golçur kompaniýasyny döretmek we onuň dörtden birini 4,2 milliard dollara daşky maýadarlara satmak baradaky gizlin meýilnamalary aýan bolupdy. Taslamada esasy hyzmatdaş Donald Trampyň giýewsi Jared Kuşneriň dogany Joşua Kuşneriň ýolbaşçylyk edýän Thrive Eternal kompaniýasy bolmalydy. Bu başlangyç dessine nägilelik döretdi: UEFA-nyň agzasy bolan 55 sany milli federasiýanyň ählisi FIFA-nyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlary boýkot edýändiklerini yglan etdiler. Şondan soň, 1-nji awgustda FIFA bu dawaly başlangyçdan resmi taýdan ýüz öwürmeli boldy, 5-nji awgustda bolsa Marokkodaky gyssagly mejlisde Janni Infantino goýberilen ýalňyşlyklar üçin ötünç sorady. Muňa garamazdan, dawa ýatmady. UEFA, KONKAKAF we AFK Marokkodaky duşuşyga meseläni ýuwmarlamak synanyşygy diýip atlandyrdy, sebäbi oňa ýerine ýetiriji komitet tutuşlygyna gatnaşman, diňe dolandyryjylaryň dar düzümi çagyrylypdyr. «Bu ýakyndaky duşuşyk diňe aladalary artdyrýar we bizi häzirki ýagdaýa getiren hereketiň dowamy ýaly görünýär. Bu oýny goraýan adama däl-de, özüni oýundan ýokarda goýýanlara mahsus hereket», — diýlip, konfederasiýalaryň beýanatynda nygtalýar. Hatyň awtorlary dünýä çempionatynyň paýyny satmak synanyşygynyň diňe bir tehniki ýalňyşlyk däl-de, eýsem «FIFA-nyň gulluk edýän institutlaryna bolan ynamyň düýpli bozulmagy» hasaplaýar. FIFA-nyň merkezi edarasynyň bolsa özüni tankyt edýänleri ýolbaşçylaryň abraýyny sarsdyrmak üçin guramaçylykly kampaniýa alyp barmakda aýyplamagy ýagdaýy has-da kynlaşdyrdy. Şeýle ýiti gapma-garşylygyň arasyna ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem goşuldy. Ol Janni Infantinonyň tarapyny çaldy. «FIFA haýsydyr bir sebäp bilen prezident Janni Infantinony çalyşmak barada hatda oýlansa-da, uly ýalňyşlyk goýberer. Ol ýaňy-ýakynda taryhda iň üstünlikli geçen futbol boýunça dünýä çempionatyna ýolbaşçylyk eden fantastik adam», — diýip amerikan lideri özüniň Truth Social sosial torunda ýazdy. Onuň pikiriçe, FIFA-nyň häzirki ýolbaşçysy bolmasa, dünýä çempionatlary hiç haçan beýle girdeji getirip bilmez. Ak tamyň goldawyna we FFE taslamasyndan resmi taýdan ýüz öwrülendigine garamazdan, Infantinonyň kürsüsi çagşap barýar. Welsiň, Şwesiýanyň we Serbiýanyň federasiýalary eýýämden geljek ýylyň martynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda ony goldamakdan ýüz öwürdi, UEFA bolsa boýkotyň dowam edýändigini tassyklady. Konfederasiýalar raýdaşlygy FIFA-nyň prezidentiniň hereketleri boýunça derňew işlerini guramanyň öz içki düzümleri däl-de, «doly garaşsyz üçünji tarapyň» alyp barmagyny talap edýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir