15-nji sentýabrda Aşgabatda ilkinji gezek orkestriň janly çykyşyny DJ-set bilen birleşdirjek sazly şüweleň geçiriler. Şeýle täzeçil taslamany SHAMMÉYA Event Architecture guramasy hödürleýär. Konsert 15-nji sentýabrda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde bolar. Tomaşaçylara dürli ýyllaryň tanyş kompozisiýalaryny täze formatda ýaňlandyrjak maksatnama garaşýar. Janly orkestr çykyşy elektron ritmler bilen utgaşdyrylar. Guramaçylar bu taslamany Aşgabatda ilkinji gezek hödürleýär. Onuň maksady dürli nesilleriň sazlaryny birleşdirmekden ybarat. Petek almak meselesi boýunça +99365035320 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir