Eplenýän Samsung Galaxy Z Fold 8 YouTube-da JerryRigEverything ady bilen tanalýan meşhur blogeriň geçiren ýowuz synagyna döz geldi. Açyk halatynda korpusynyň galyňlygy bary-ýogy 4,5 mm-digine garamazdan, smartfonyň şarniri hatda eplenýän tarapynyň tersine gaňyrmaga synanyşylanda hem döwülmedi. Bloger ony bar güýji bilen agram salyp eplejek bolanynda smartfon birneme ýemşerdi, emma synaga döz geldi. Enjamyň çägeden we tozandan goragy aýratyn barlandy. Galaxy Z Fold 8 IP48 gorag standartyna eýe: smartfon üçin suw gorkuly däl, emma çäge ýaly maýda zatlardan welin ol doly goralmadyk. Synag wagtynda şarnirine köp mukdarda çäge sepildi, ýöne mehanizm işlemegini dowam etdirdi. Garaşylyşy ýaly, iň gowşak ýeri içerki maýyşgak AMOLED-displeý boldy. Onuň ýüzi adaty çüýşä garanyňda çyzylmasy aňsat ýumşak plastik gatlak bilen örtülen. Täze Flex Titanium titan gatlaklary telefonyň gurluşyny has berkidýär, ýöne ekranyň ýüzüni çyzylmadan gorap bilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir