Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy awgustda Mary welaýatyna we Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhetýaka zolagynyň üsti bilen goňşy Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TDH habar berýär. Owganystanda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlyk tassyklanyldy. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň ähmiýetine üns çekildi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden gepleşiklerde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileri baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Abdul Gani Baradar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ilaty üçin uly ýeňillikleri, täze iş orunlaryny döretjekdigini, amatly maýa goýum şertlerini üpjün etjekdigini aýtdy. Ol TOPH taslamalary bilen bagly işleri ilerletmek üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny we hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ulag-logistika ulgamynda «Lapis Lazuli» (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) halkara geçelgesini işjeňleşdirmek üçin bitewi logistik merkezi döretmek, bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmek we gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak we gaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak meselelerine seredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň owgan tarapynyň öňe süren tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy. Gepleşikler tamamlanandan soň, mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Şeýle-de, Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisi hakda taýýarlanan wideoşekiller görkezildi. Saparyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Dabaradan soňra toý sadakasy berildi. Sapary tamamlap, Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine dolanyp geldi.