Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi 2027-nji ýylda awtomobil ulagy arkaly ýük daşamak boýunça ýuridik we fiziki şahslardan arzalary kabul edip başlady. Arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli kabul ediler. Ministrligiň belleýşi ýaly, arzalaryň ýygnalmagy kärhanalaryň, telekeçileriň we raýatlaryň ýük daşamak hyzmatlaryna bolan zerurlyklaryny öňünden kesgitlemäge hem-de geljek ýyl üçin pudagyň işini meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem arzalaryň öňünden kabul edilmegi çig maly, enjamlary we gurluşyk serişdelerini yzygiderli ýa-da uly möçberde daşamak zerurlygy bolan guramalar üçin möhümdir. Bu awtoulag serişdelerini has netijeli paýlamaga we ýük daşamalaryny guramaçylykly meýilleşdirmäge ýardam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir