Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) 51-nji Kongresi 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde Astanada geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Syýahatçylyk we sport ministrligi habar berdi. «2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde Astana Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň ýokary ýolbaşçy we kanun çykaryjy edarasy bolan UEFA-nyň 51-nji Kongresiniň geçirilýän meýdançasyna öwrüler. Kongresiň dowamynda kabul edilen çözgütler ýakyn ýyllarda ýewropa futbolynyň mundan beýläkki ösüş ugurlaryny kesgitlär», — diýlip, ministrligiň Telegram kanalynda aýdylýar. Kongresiň dowamynda UEFA-nyň prezidentiniň we guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Gazagystanyň paýtagtyna UEFA girýän 55 milli futbol assosiasiýasynyň wekilleri, şeýle hem guramanyň ýolbaşçylary, UEFA-nyň, ýewropa ligalarynyň, klub birleşikleriniň we halkara sport düzümleriniň wekilleri jemlener.