Ýapon senagat dizaýneri we inženeri Satosi Nakagawa dürli maddalardan — toprak bilen dökünden başlap, çakyr hem-de fransuz bagetine çenli önümlerden uly bolmadyk göwrümdäki elektrik energiýasyny almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle ulgam adaty energiýa çeşmeleriniň ornuny tutup bilmese-de, çetki sebitlerde we tebigy betbagtçylyklardan soň örän peýdaly bolup biler. Ýaponiýanyň Hitati-Ota şäherinde, depäniň eňňidinde ýerleşýän «Ku-An» synag barlaghanasynda 1 500 sany toprakly we dökünli agaç gutujyk 800 sany swetodiod çyrasy üçin tok öndürýär. Ýandaky "Lu-An" desgasynda bolsa 2 000-den gowrak plastik silindr, takmynan, 100 wat kuwwatlylyk üpjün edýär. Bu güýç tüwi bişirýän enjamy we beýleki uly bolmadyk hojalyk tehnikalaryny işletmäge doly ýetýär. Tehnologiýa 1799-njy ýylda Alessandro Wolta tarapyndan döredilen «Wolta sütüni» ýörelgesine esaslanýar. Çyglylyk ýa-da ionlary saklaýan maddalaryň içine dürli metallardan bolan elektrodlar ýerleşdirilýär, şondan soň pes, ýöne durnukly elektrik togy emele gelýär. Nakagawa bu ulgamyň zyýankeşleriň peýda bolmagyny, sil gelmäni, toprak süýşgünlerini ýa-da bikanun girmäge synanyşyklary belläp alýan datçikleri tok bilen üpjün etmek üçin ulanylyp bilinjekdigini aýdýar. Ol gurnalandan soň CO₂ galyndylaryny çykarmaýar we Gün ýa-da şemally elektrik stansiýalaryndan tapawutlylykda, howa şertlerine bagly bolup durmaýar. «Bu ujypsyz goldaw bolsa-da, men adamlaryň töweregindäki topragy ulanyp, öz elektrik energiýasyny öndürip bilmeklerini isleýärin» diýip, Nakagawa AFP agentligine beren söhbetdeşliginde belledi. Bu tehnologiýany pes kuwwatly we peýdasyz hasaplaýan käbir inženerleriň tankydy nazaryna garamazdan, Satosi onuň geljegine uly ynam bildirýär: «Biz energiýa ýygnamagyň dürli tehnologiýalarynyň utgaşmasyna umumy energetika strategiýamyzyň esasy bölegi hökmünde garamaly. Mümkinçilikleriň çägi ýokdur».