Bütin dünýäde derýalarda çägäni senagat maksatly gazyp almak tebigatyň bu gorlaryň üstüni doldurmak mümkinçiliginde öňde barýar. Bu barada degişli 411 sany ylmy barlaglaryň jemlerini öwrenen alymlaryň «Reviews of Geophysics» (RG) žurnalynda çap edilen synynda aýdylýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Muňa mysal hökmünde Wýetnamdaky Mekonga derýasynyň deltasynda bary-ýogy üç sagadyň dowamynda 300 kubmetr çäge çykarylýandygy görkezilýär. Ol ýerde çäge gazyp almagyň häzirki depgini tebigy gyrmançanyň öweziniň doluşyndan 12 esse kän ýa-da ýylda 6,18 megatonna deňdir. 2015-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli bu ýerden çäge gazylyp alynmagy derýanyň kenarlaryndaky 1800 binanyň ýykylmagyna getiripdir. Eger häzirki depgin dowam etdirilse, Mekonga derýasynyň wýetnam böleginde çäge gazylyp alynmagy 2035-nji ýylda tamamlanar diýip, alymlar belleýärler. Şeýle ýagdaý Hytaýdaky Poýanhu derýasynda-da, Hindistanyň birnäçe derýasynda, Braziliýadaky Parana hem-de Tokantins derýalarynda hem hasaba alyndy. Derýa çägesi binaçylykda aýratyn ähmiýetlidir, onuň däneleri gurluşykda zerur sürtülmäni üpjün edýär, deňiz çägesinden tapawutlylykda düzüminde duz ýok, çöl çägesinden tapawutlylykda bolsa, pytraňňy däl. Oňa betonyň möçberiniň 70 göterimden gowragy degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir