Adatdan ýokary yssy howa sebäpli Dunaý hem-de Reýn derýalarynyň suwunyň azalmagy Ýewropanyň energiýa üpjünçiliginde çynlakaý meseleleri döredýär. Köp ýurtda elektrik üpjünçiliginde kynçylyklar bar. Atom beketleri kuwwatlyklaryny peseldýärler, ilatdan we kärhanalardan gorlary tygşytlamak haýyş edilýär. Munuň sebäplerini «MIR 24»-iň habarçysy Olga Hasid öwrendi. Ýewropanyň dört ýurdunda atom beketleri kuwwatlyklaryny peseltmäge mejbur boldy, Wengriýadaky «Pakş» bekedi bolsa, soňky 44 ýylda ilkinji gezek energiýa öndürmegini düýbünden bes etdi. Sebäbi bekedi serginletmek üçin suw ýetenok. Sekiz turbinalaryň diňe biri işleýär. Wenger Premýer-ministri Peter Madýar heläkçiligiň möçberlerini öz gözleri bilen görmek üçin ol ýere bardy. Ol Dunaýyň suwunyň 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşendigini belledi. Ýurtda ýagyş ýagmagyna umyt edýärler. Ýerli ýaşaýjylar elektrik toguny we suwy tygşytlamaga mejbur bolýar. Dunaý Ýewropanyň esasy suw çeşmesi, onuň suwy şeýlebir çekildi welin, adamlar hanasyny synlamaga gelýärler. «Men ömrümde beýle zady görmändim. Şonuň üçin biz suwuň derejesini görmek üçin ýörite geldik» diýip, ýerli ýaşaýjy Andraş Kerteş gürrüň berýär. Goňşy Rumyniýada-da ýagdaý ynjalykly däl. Bu ýerde-de ýaşaýjylary gorlary tygşytlamaga çagyrýarlar. Gijelerine köçeler yşyklandyrylmaýar diýlen ýaly. Binalaryň köpüsini tümlük gaplapdyr. Ýagdaýy tokaý ýangynlary has-da kynlaşdyrýar. Sebäbi olary söndürmek üçin-de suw gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir