Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen edebiýatyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan halypalaryň ömür-döredijiligine bagyşlanyp edebi duşuşyk geçirildi. Nargylyç Hojageldiýew, Orazguly Annaýew, Nobatguly Rejebow, Hojanepes Meläýew, Babanyýaz Kaýumow, Kasym Nurbadow ýaly edebi ägirtlerimiz hatyralanan çärä halypalaryň maşgala agzalary, nebereleri hem-de ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Türkmenistanyň halk artisti Nury Allaberdiýewiň halypa ýazyjy Nobatguly Rejebowy ýatlap beren gürrüňleri edebi duşuşyga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy: «Watana bolan söýgüsi üçin», «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi Abdylla Yslamow ýazyjy Babanyýaz Kaýumowy, «Garagum» žurnalynyň edebi işgäri Öre Daşgynow ýazyjy Hojanepes Meläýew barada beren gürrüňleri hem täsirli boldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewiň döredijiligi barada çykyş eden «Milli goşun» žurnalynyň bölüm müdiri Aşyrmät Garlyýew onuň bilen birnäçe ýyl işleşendigini, tutanýerli adam bolandygyny gürrüň berdi. Ýazyjynyň «Gülle degen sünbüller», «Bagyşla, ýarym!» eserlerini şu günlerem okyjylar söýüp okaýarlar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ahmet Halmyradowyň Nobatguly Rejebowy, Hojanepes Meläýewi ýatlap beren gürrüňleri hem ýatda galyjy boldy. «Biznes reklama» gazetiniň bölüm redaktory Gurbandurdy Orazowyň Nobatguly Rejebowyň döredijiligi hakda aýdanlary, şahyr Süleýman Ilamanowyň Babanyýaz Kaýumowa bagyşlap okan goşgusy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Bägül Annabaýewanyň ýazyjy Orazguly Annaýewi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Amanbibi Muhammedowanyň, şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň Kasym Nurbadowy, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewanyň Nobatguly Rejebowy, şahyryň gyzy Maýsa Nurjykowanyň kakasyny ýatlap eden çykyşlary hem edebiýat muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir