Gaagada alakalar bilen bagly mesele ýitileşdi: şäheriň etraplarynyň birgideniniň ýaşaýjylary 12 aýdan gowrak wagt bäri bu gemrijileriň köpelendiginden ejir çekýärler, şäheriň häkimiýetleriniň olary ýok etmek ugrundaky tagallalary-da duýarlykly netije bermeýär diýip, «MIR 24» ýazýar. Şäherliler alakalaryň özlerini alyp baryşlarynyň gitdigiçe gaýduwsyz bolandygyny gürrüň berýärler, olaryň öý itlerine hüjümleri barha artýar, alakalar hatda adamlardan hem çekinip durmaýarlar, bu bolsa, ýaşaýjylarda howsala döredýär. Şäheriň häkimliginiň toplumlaýyn çärelerine garamazdan, ýagdaý o diýen üýtgäp baranok. Alakalara garşy göreşmek boýunça jemgyýetçilik toparynyň başlygy Konni Ligtwut meseläniň gitdigiçe ýitileşýändigini, gemrijileriň indi tutuş şäheri eýeläp barýandygyny gürrüň berdi. «Häzir şäheriň ähli ýerinden alakalar bilen bagly habarlar gelip gowuşýar, ýagdaý howsalaly» diýip, Ligtwut belledi. Ligtwutiň ýagdaýa tiz wagtda gözegçilik etmek başartmasa gerek diýen sözlerini ýerli «Hart van Nederland» neşiri getirýär.