Türkmenistandan bolan ýaş hünärmenler içerki Týan-Şanyň buzlaşma ewolýusiýasyny modellerşdirmek üçin maglumatlary ýygnamagyň metodologiýasyna bagyşlanan Halkara tomusky okuwa gatnaşýarlar. Çäre 3 — 8-nji awgust aralygynda Yssyk-kölde geçirilýär. Okuwa gatnaşyjylaryň arasynda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gidrologiýa, meteorologiýa, gliasiologiýa we ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenler bar diýip, carececo.org sahypasynda habar berilýär. Türkmenistanly hünärmenler Týan-Şanyň buzlyklaryny gorap saklamak meselelerini öwrenýärler Buzlyklaryň eremegi häzirki wagtda Merkezi Aziýa üçin esasy kynçylyklaryň birine öwrülýär. Sebite degişli suw resurslary, ilatyň howpsuzlygy we ykdysadyýetiň durnuklylygy gönüden-göni kriosferanyň ýagdaýyna baglydyr. Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli buzlyklaryň meýdany takmynan üçden bir bölegi azalyp biler, bu bolsa howply buzlyk kölleriniň we suw basmalaryň emele gelmek howpuny artdyrar. Mekdebiň amaly saparlary Týan-Şan halkara ylym merkeziniň desgalarynda — Çon-Kyzyl-Suw gidrometeorologiýa stansiýasynda, Kara-Batkak buzlygynda we Yssyk-kölüň kenaryndaky Kara-Bulun köl çäklerinde geçirilýär. Saparlary Bütindünýä bankynyň «RESILAND CA+» sebit maksatnamasynyň «Gyrgyz Respublikasynda durnukly landşaftlary dikeltmek» (RESILAND Gyrgyzystan) taslamasynyň çäginde Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Russiýadan, Belgiýadan, Fransiýadan we Ýaponiýadan bolan alymlar hem-de bilermenler alyp barýarlar.