Russiýanyň paýtagtynda bakja ekinleriniň söwda möwsümi badalga aldy diýip, Moskwanyň söwda we hyzmatlar edarasyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Ýurtda 3-nji awgustda resmi däl baýramçylyk – Garpyz güni bellenýär. Edaranyň metbugat gullugy Moskwada 145 sany möwsümleýin ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň dörediljekdigini habar berdi. Ol ýerlerden rus garpyzlaryny we gawunlaryny satyn alyp bolar. Bakja önümleriniň söwdasy oktýabryň başyny çenli dowam eder. «Moskwanyň ýarmarkalaryna we bakja satylýan nokatlaryna gawun-garpyzlar Günorta federal okrugdan (Astrahandan we Dagystandan), şeýle hem bol hasyly bilen tanalýan Tambow oblastyndan getirilýär. Tambowda irki bakja sortlary ýetişdirilýär, olaryň arasynda çigitsiz garpyz görnüşleri-de bar. Tomsuň aýagynda şäheriň ýaşaýjylary Lipesk we Woronež oblastlarynda ýetişdirilen garpyz-gawunlary satyn alyp bilerler» diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir