Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Niderlandlara amala aşyran iş saparynyň dowamynda Kronenberg şäherinde ýerleşýän «Peelbergen» atçylyk-sport toplumyna baryp gördi. Bu toplum 2026-njy ýylda ahalteke bedewleriniň arasynda atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek esasy meýdançasy bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky ilçihanasy habar berdi. Ahalteke bedewleriniň arasynda dünýä çempionaty we gözellik bäsleşigi 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda geçiriler. Çäräni «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hem-de Ahalteke bedewleriniň Ýewropa assosiasiýasy bilelikde guraýar. Bu ýaryş Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ilkinji gezek şeýle giň gerimli halkara derejede geçiriljek ahalteke bedewleriniň çempionaty bolar. Saparyň dowamynda «Peelbergen» merkeziniň ýolbaşçylary hem-de atçylyk sporty boýunça ýerli hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar çempionatyň maksatnamasynyň taýýarlanylmagy, gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýerleşdirilmegi, şeýle hem sport, medeni we sergi çäreleriniň guralmagy bilen bagly guramaçylyk, tehniki hem-de protokol meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlarda atçylyk boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek meýdançasy bilen tanyşdy Türkmen wekiliýeti açyk we ýapyk sport meýdançalary, türgenleşik zolaklary, gatnaşyjylar hem-de tomaşaçylar üçin niýetlenen desgalar, şeýle-de ýaryş günlerinde ulanyljak beýleki desgalary gözden geçirdi. Şeýle hem, «Peelbergen» merkezinde konkur ugry boýunça bilim alýan türkmen hünärmenleriniň taýýarlygyna aýratyn üns berildi. Wekiliýetiň agzalary türgenleşik işi, okuw şertleri, türgenleri we bedewleri taýýarlamakda ulanylýan usullar bilen tanyşdylar. Taraplar atçylyk sporty ulgamynda iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň we hünär hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem wekiliýet çempionatyň günlerinde türkmen önümleriniň we milli öndürijileriň harytlarynyň sergisini, şeýle-de atçylyk sporty, atçylyk hojalygy, esbaplar we degişli tehnologiýalar boýunça ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de halkara brendleriniň diwarlyklaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilýän meýdançalar bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, çempionat sport, medeni, sergi we işewürlik maksatnamalaryny özünde jemleýän toplumlaýyn häsiýete eýe bolar. Konkur boýunça ýaryşlar we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi bilen birlikde Türkmenistanyň baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary hem-de häzirki zaman ösüş kuwwaty bilen hem giňden tanyşdyrylar. Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlarda atçylyk boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek meýdançasy bilen tanyşdy Şeýle-de «Peelbergen» merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen taýýarlyk işleriniň utgaşdyrylyşy, howpsuzlyk, tehniki üpjünçilik, meýdançalaryň bezelişi hem-de bu işe gatnaşýan ähli düzümleriň özara hyzmatdaşlygy ýaly amaly meseleler barada giňişleýin pikir alşyldy. Saparyň jemleri boýunça geçiriljek dünýä çempionatynyň ahalteke bedewlerini dünýäde giňden wagyz etmekde, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de atçylyk sporty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm halkara meýdança öwrüljekdigine ynam bildirildi.