Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) dürli ýurtlaryndan «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly halkara dokumental filmleriň bäsleşigine eýýäm 20-ä golaý eser gelip gowuşdy. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler. Bäsleşik GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçirilýär. Ony Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilelikde guraýar. Eminler toparynyň düzümine GDA ýurtlarynda tanalýan žurnalistler, operatorlar we prodýuserler girýär. Bäsleşige türkmen dokumental kino döredijileri hem gatnaşýarlar. Olar «Behişdi bedewler» atly dokumental filmini hödürlediler. Film Türkmenistanyň baş nyşany hasaplanýan ahalteke bedewlerine bagyşlanandyr. Taslama bildirilýän gyzyklanmanyň ýokary bolmagy sebäpli, guramaçylar gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul ediliş möhletini uzaltdylar. Gatnaşyjylar öz işlerini GDA gatnaşyjy döwletleriň filmleriniň Döwletara telewizion bäsleşigine 30-njy awgusta çenli iberip bilerler. Ýeňijileriň we baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň atlary ussat eminler topary tarapyndan filmlere baha bermek işi tamamlanandan soň yglan ediler.