14-nji awgustda Olimpiýa şäherçesinde Halkara ýaşlar güni mynasybetli giň gerimli çäre geçiriler. Şu ýylyň çäresi «Dürli şertler – umumy maksatlar» diýen şygar astynda geçirilip, ýaşlary pikir alyşmak, döredijilik hem-de täze başlangyçlary paýlaşmak üçin bir ýere jemlär. Çärä gatnaşyjylara baý maksatnama hödürleniler. Onuň çäklerinde: pikir alyşmak üçin meýdançalar; kwestler we interaktiw oýunlar; fleşmob; aýdym-sazly çykyşlar guralar. Çäre sagat 10:00-da başlanar. Giriş hemmeler üçin mugt. Guramaçylar gatnaşyjylary agzybirligiň we baýramçylyk ruhunyň nyşany hökmünde öz lybasyna ýa-da bezeg esbabyna mämişi reňkli bir aýratynlygy goşmaga çagyrýarlar. Halkara ýaşlar güni her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilip geçilýär. Bu sene 1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Baýram ýaş nesliň jemgyýetiň ösüşindäki, parahatçylygy berkitmekdäki hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki möhüm ornuny nygtamaga gönükdirilendir.