Hindistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 14–16-njy awgusty aralygynda hindi diasporasynyň agzalary hem-de ähli isleg bildirýänler üçin hindi filmleriniň festiwalyny geçirer. Filmleriň görkezilişi Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň j. 115 salgysynda ýerleşýän kinoteatrda geçiriler. Festiwalyň maksatnamasyna üç film girizildi. 14-nji awgustda, anna güni sagat 17:00-da «Dangal» (2016) atly sport dramasy, 15-nji awgustda, şenbe güni sagat 17:00-da «Ogurlanmadyk gelinlik» (1995) atly romantik komediýa, 16-njy awgustda, ýekşenbe güni bolsa sagat 11:00-da «Öňe, Hindistan!» ( 2007) diýen sport dramasy görkeziler. Ähli filmleriň görkezilişine giriş mugt bolup, tomaşaçylar zala nobat tertibinde goýberiler.