«Turkish Airlines» awiakompaniýasy standart ölçeglerden uly goşlaryň (Oversized Baggage) daşalmagy üçin nyrhlary täzeledi. Täze düzgünlere laýyklykda, ölçegi bellenilen kadadan uly bolan çemodany Stambula çenli uçar gatnawynda daşatmagyň bahasy 110 ABŞ-nyň dollaryna, halkara üstaşyr gatnawlarynda bolsa 150 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolar. Awiakompaniýanyň düşündirişine görä, beýikliginiň, uzynlygynyň we ininiň jemi 158 santimetrden geçmeýän çemodan standart ölçegli hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde tigirleriniň ölçegi bu hasaplamalara goşulmaýar. Bellenilen ölçeglerden uly bolan goşlar üçin ýolagçylardan täze nyrhlara laýyklykda goşmaça töleg alnar. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylara howa menziline gitmezden ozal goşlarynyň ölçeglerini öňünden barlamagy maslahat berýär. Bu goşmaça çykdajylaryň öňüni almaga mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir