Belli bolşy ýaly, 24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu başlangyjyň üstünligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasatyna bolan ýokary derejeli ynamy, dünýä meýdançasynda hukuk hökmürowanlygyny, kanunçylygy we adalaty berkitmek işinde ýurdumyzyň giň goldawa eýedigini görkezýär. Aşakda döwlet köpçülikleýin habar serişdelerinde neşir edilen resminamanyň doly tekstini getirýäris: «Baş Assambleýa, halklaryň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy we dostlukly gatnaşyklary saklamakda halkara hukugynyň, aýratyn hem Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň eýeleýän esasy ornuny tassyklap, hususan-da, ösüp barýan ýurtlar, şol sanda iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar we ösýän kiçi ada döwletler üçin halkara hukugy ugrunda bilimiň, mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň we tehniki kömegiň wajyplygyny göz öňünde tutup, şeýle hem halkara hukugyny öwretmek, öwrenmek, ýaýratmak we has giňden ykrar etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Kömek maksatnamasynyň, Halkara hukuk boýunça okuw maslahatynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara hukuk boýunça audio-wizual materiallar kitaphanasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça müdirligiň neşirleriniň, şol sanda «Halkara hukuk komissiýasynyň ýyllyk kitaby» we «Halkara hukuk boýunça gollanma» neşirleriniň tutuş dünýäde, aýratyn-da, ösýän ýurtlaryň bähbidine halkara hukugyny wagyz etmekdäki möhüm goşandyny nazara alyp, halkara ýyllaryny yglan etmek baradaky 1998-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky 53/199 we 2006-njy ýylyň 20-nji dekabryndaky 61/185 Kararnamalaryny, şeýle hem Ykdysady we Sosial Geňeşiň halkara ýyllary we ýylyň şanly seneleri hakynda 1980-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky 1980/67 Kararnamasyny, şol sanda olary yglan etmegiň ylalaşylan ölçeglerini tassyklap, 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan edýär; agza döwletleri, Birleşen Milletler Guramasy ulgamynyň guramalaryny we beýleki degişli gyzyklanma bildirýän taraplary halkara hukugyna bolan hormaty we düşünjäni ýokarlandyrmak maksady bilen bilim çärelerini, mümkinçilikleri ýokarlandyrmak çärelerini we jemgyýetçilik habardarlygyny artdyrmak çärelerini geçirmek arkaly Halkara hukugynyň ýylyny bellemäge çagyrýar we Türkmenistanyň 2028-nji ýylyň dekabr aýynda Halkara hukuk boýunça Bütindünýä forumyny geçirmek meýilnamasyny gutlaýar; agza döwletleri halkara hukugyna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasyna, hususan-da, onda berkidilen maksatlara we ýörelgelere bolan hormaty berkitmäge berk çagyrýar; agza döwletlere halkara hukugyny öwretmek, öwrenmek we ýaýratmak babatdaky Birleşen Milletler Guramasynyň bar bolan başlangyçlaryny meýletin gatançlar arkaly goldamagy dowam etdirmegi maslahat berýär; Ýylyň çärelerine has giňden gatnaşmaga, şol sanda zenanlary we ýaşlary doly derejede çekmäge çagyrýar we halkara hukugyna elýeterliligi giňeltmek maksady bilen sanly platformalary, bilim tehnologiýalaryny we köp dilli serişdeleri ulanmagy goldaýar; şu Kararnamany durmuşa geçirmek bilen baglylykda ýüze çykyp biljek ähli çäreleriň çykdajylarynyň meýletin gatançlaryň hasabyna ýapylmalydygy barada karar kabul edýär; Baş sekretardan şu Kararnamany bu ýylyň degişli derejede bellenilmegi üçin ähli agza döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasy ulgamynyň guramalarynyň we beýleki halkara hem-de sebit guramalarynyň, şeýle hem degişli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň, ylmy toparlaryň we hususy şahslaryň dykgatyna ýetirmegini haýyş edýär».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir