OpenAI kompaniýasy Astra diýlip atlandyrylýan täze emeli aň modeliniň bardygyny ilkinji gezek resmi taýdan tassyklady. Çykarylan hasabatda aýdylmagyna görä, emeli aň modeliniň entek köpçülige elýeter edilmedik görnüşi matematikleriň azyndan on ýyllap, hatda ondan hem köp wagtlap baş çykaryp bilmedik on meselesiniň çözgüdini tapypdyr. Çözülen meseleler köp ölçegli geometriýa, kodlama teoriýasyna, toparlar teoriýasyna, kwant çylşyrymlylygyna, gözeneklerdäki kriptografiýa we ekstremal kombinatorika ýaly ugurlara degişlidir. Aýratyn hem, model köp ýyllaryň dowamynda matematikleriň barlygy barada çekeleşip gelen obýekti — nesofik toparyň ilkinji mysalyny gurdy. Mançester uniwersitetiniň matematigi Tomas Blum Astra-nyň netijelerini «uly täzelik» diýip atlandyrdy. Onuň pikiriçe, bu netijeleriň ähmiýeti uly, ýöne bu emeli aňyň tiz wagtda matematikleriň ornuny çalşyrjakdygyny aňlatmaýar. Astra-nyň pikir ýöretme tehnologiýasyny işläp düzüjileriň biri Noam Braun OpenAI-yň modeli beýleki belli açyk meseleler üçin hem ulanyp görendigini, ýöne häzirlikçe netije bermändigini gürrüň berdi. «Gynansak-da, (edil häzir-ä) hiç hili müňýyllygyň meselesi çözülenok» – diýip, ol X sosial torunda ýazdy. OpenAI-da habar berlişine görä, netijeler alnandan soň barlagçylar Astra bilen bilelikde olary ylmy makalalar görnüşinde resmileşdirdi, ähli subutnamalar bolsa teoremalary awtomatik usulda barlamaga mümkinçilik berýän Lean ulgamyna geçirildi. Şeýle-de, kompaniýa modeliň pikir ýöretmeleriniň ädimme-ädim beýanyny neşir etdi we täze modeller maşgalasy bilen synag geçirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir