Geçen iýul aýynda dünýäde iň gymmatlan haryt – ýumurtga, iň arzanlan haryt pyrtykal şiresi boldy, muňa ICE Futures, CME we Şanhaý biržalarynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, «ria.ru» habar berdi. Ýagny amerikan biržasynda geçen aý ýumurtga 334 göterim gymmatlady. Beýleki gymmatlan oba hojalyk önümi süle boldy, onuň dünýä bahalary 15,5 göterim artdy, bugdaýyň nyrhy hem 10,4 göterim ösüş görkezdi. Iň gymmatlan senagat harytlarynyň arasynda azot dökünlerini öndürmekde zerur bolan karbamid ilkinji orna çykdy, onuň bilen birlikde, sintetiki kauçuk hem-de plastik almak üçin gerek bolan stirol hem 18,6 göterim gymmatlady. Gap önümçiliginde zerur bolan polipropilen we polietilen degişlilikde, 13,6 we 11,6 göterim gymmatlady. Iň gymmatlan energiýa harytlaryndan Urals markaly nebit soňky aýda 50,5 göterim, tebigy gaz Beýik Britaniýada we Ýewropada degişlilikde, 44 we 39 göterim ösüş görkezdi. Şunuň bilen birlikde, iýulda pyrtykal şiresi iň arzanlan haryt boldy, ol 14,8 göterim bahasyny ýitirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir