BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Aşgabatdaky wekilhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde 2026 — 2030-njy ýyllar üçin «Sagdyn ene — Sagdyn çaga — Sagdyn geljek» Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamak barada utgaşdyryjy geňeşiň mejlisini geçirdi. Duşuşyk Aşgabatdaky BMG-niň binasynda geçirilip, ol ÝUNFPA-nyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde guraldy. Utgaşdyryjy geňeşiň işine Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň esasy degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň esasy görkezijilerine ýetmäge, şeýle hem zenanlaryň reproduktiw saglygy babatda saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen «Ýol kartasyny» bilelikde taýýarlamakdan ybarat boldy. Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Milli maksatnamanyň esasy wezipelerine we ilkinji derejeli ugurlaryna garadylar, «Ýol kartasynyň» gurluşyny we esasy bölümlerini taýýarladylar, maksatlaýyn görkezijileri maslahatlaşdylar hem-de onuň gözegçilik (monitoring) mehanizmlerini ylalaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça «Ýol kartasyny» mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ony üstünlikli amala aşyrmak üçin özara utgaşykly tagallalary berkitmek barada çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir