«Sony Pictures Entertainment» kinokompaniýasy şazada Ram barada gadymy hindi eposy esasynda surata düşürilen «Ramaýana: Birinji bölüm» (Ramayana, Part 1) atly giň möçberli filmiň ilkinji treýleri bilen tanyşdyrdy. Film dünýä prokatyna 8-nji noýabrda çykýar diýip, «rg.ru» habar berdi. Ony hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat we batyrgaý taslama hasaplaýarlar. Filmde hindileriň Ýere düşen taňry Wişnu hökmünde uýýan şazadasy Ramyň taryhy gürrüň berilýär. Öweý ejesi bilen gapma-garşylykdan soňra Ram aýaly Sita we wepaly dogany bilen tokaýa gidýär. Ol ýerde ýaramaz pälli Rawan Sitany ogurlaýar, Ram aýalyny halas etmek üçin tokaýdaky dostlaryny kömege çagyrýar... Filmde baş keşpleri Ranbir Kapur, Ýaş, Sanni Deol, Kajal Agarwal we Lara Datta ýaly ýyldyzlar ýerine ýetirdiler. Filme «Dangal» (2016) atly maşgala dramasyny surata düşüren Niteş Tiwari režissýorlyk etdi. Filmiň saundtreginiň üstünde «Oskar» kinobaýragynyň eýeleri – «Interstellar» filminiň kompozitory Hans Simmer we «Külbeden çykan millioner» filminiň sazyny ýazan A.R.Rahman işlediler. «IMAX» ölçegi boýunça surata düşürilen filme 500 million amerikan dollary sarp edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir