Köneürgenç pagta egriji fabriginde 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri 31 million 516 müň 600 manatlyk önüm öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Hasabat döwründe fabrigiň önümçilik bölümlerinde gaýtadan işlenilýän pagta süýüminden dürli belgili nah ýüplügiň 590,6 tonnasy taýýarlanyldy. Bu ýerde, esasan, Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda taýýarlanylan pagta süýümi gaýtadan işlenilýär. Fabrigiň önümçilik bölümlerinde taýýarlanylýan nah ýüplükler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary öndürijilikli döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu kärhananyň taslama kuwwaty pagta süýüminiň 6 müň 700 tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir