Lebap welaýatynyň daýhanlary bosagada duran bugdaý ekişine taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Häzirki wagtda ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, haşal otlary ýok etmek we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri dowam edýär. Möwsüme sürüm traktorlarynyň 185-si, ýer tekizleýji tehnikalaryň 96-sy hem-de däne ekijileriň 302-si gatnaşar. Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl hem welaýat boýunça 130 müň gektar meýdanda bugdaý ekip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Bugdaý ekişinde «Bagtyýarlyk», «Alekseiç», «Sähraýy», «Berkarar» we «Batko» ýaly ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ýokary hasylly tohumlar ulanylar. Tehnikalary dolandyrmak tejribeli mehanizatorlaryň 500-den gowragyna ynanylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir