Moldowanyň Hökümet başlygy Wasiliý Tofan 2029-njy ýylyň sentýabrynda wezipesini goýmak meýli barada habar berdi. Ol soňra syýasatda galmakçy däldigini aýtdy diýip, «Armenpress» habar berýär. «Men bu wezipede 2029-njy ýylyň sentýabryna çenli işlärin. Ondan soňra eger şol pursada ýetsem, adaty durmuşa dolanmakçy. Men syýasatçy däl, syýasatçy bolmak islegim hem ýok» diýip, Tofan ýerli «TW-8» teleýaýlymynda çykyşynda nygtady. Onuň sözlerine görä, ýurtda ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakda hem-de Moldawiýanyň Ýewropa Bileleşigine girmegi üçin ylalaşyk baglaşmakda üç ýyllyk möhlet hem ýeterlik. Tofan şeýle hem Ministrler Kabinetiniň agzalaryny anyk meseleleri çözmäge çagyrdy.