«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy boýunça şu ýylyň başyndan bäri 1 million 890 müň 688 tonna nebit önümleri içerki we daşarky sarp edijilere ugradyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär. Bu döwürde «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň üsti bilen daşarky bazarlara ugradylan nebit önümleriniň möçberi bolsa 372 müň tonnadan geçdi. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan gelip gowuşýan taýýar nebit önümleri bolan awiasiýa kerosininiň, benziniň, dizel we kerosin ýangyçlarynyň, dürli ýaglaryň ýitgisiz satuwa ugradylmagy üçin toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda döwrebap mümkinçilikler döredilipdir. Demir ýol estakadasynyň ýyllyk kuwwaty 3 million 850 müň tonna dury nebit önümlerini sarp edijilere öz wagtynda bökdençsiz ýükläp ugratmaga barabardyr. Awtomatlaşdyrylan desgada nebit önümleri demir ýol çeleklerine görnüşleri boýunça bellenilen mukdarda guýulýar we olaryň her biriniň agramy elektron terezi arkaly ölçenilip, degişli resminamalar sarp edijileriň salgylary hem-de ugurlary boýunça awtomatlaşdyrylan usulda resmileşdirilýär. Bu toplumlaýyn desganyň düzümine girýän çeleklere önüm guýlanda emele gelýän buglary tutup ýygnamagyň hasabyna her ýylda 300 tonnadan gowrak benziniň ýitgisiniň, şonuň bilen birlikde-de, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňi alynýar. Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen zawodlar toplumynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän 3-nji gämi duralgasynyň ýyllyk kuwwaty bolsa nebit önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti we nebit önümlerini düşürmek boýunça bolsa 1 million 150 müň tonna deňdir.