Amerikanyň Waşington ştatynyň Spokan okrugyndaky tokaý ýangynlary sebäpli 60 müň töweregi adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy, ýangyn azyndan 600 binany ýok etdi diýip, «Associated Press» habarlar agentligine salgylanýan TASS habar berdi. Ýangyn ştatyň ikinji uly şäheri bolan Spokanyň daşyny gurşady, dynç günleri oduň eýelän meýdany 21 inedördül kilometre ýetdi. Waşington ştatynyň gubernatory Bob Fergsýuson ýagdaýy ýurduň Prezidenti bilen maslahatlaşandygyny habar berip, Federal hökümetden ýangynlara garşy göreşmekde goşmaça kömek sorandygyny aýtdy. Ştatda oda garşy göreşe milli goşunyň harby gullukçylary çekildi. Umuman, Waşington ştatynda tokaý ýangynlary 1 müň inedördül kilometri gurşap aldy. Spokan etrabynda ýangyny henizem gözegçilige almak başartmaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir