Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Degişli tabşyryk 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowa berildi. TDH-de habar berlişi ýaly, ilki bilen wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi. Taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleri, arheologlar bilen duşuşyklar, meýdan şertlerindäki maslahatlar guraldy. Teatrlarda, döwlet sirklerinde, paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde we taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara çärelere gatnaşdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna ýurduň ýaş şahyrlary, Koreýa Respublikasynyň dostluk gününiň çäklerinde geçirilen çärelere sungat ussatlary, Pekin şäherinde geçirilen Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde guralan çärelere «Mukam» skripkaçylar topary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we halkara baýraklara mynasyp boldular. Şeýle hem wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna görä guramagy dowam etmegiň, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.