Adatdan daşary yssy howa hem-de guraklyk sebäpli Britaniýa gök önümleri daşary ýurtlardan köp möçberde satyn almaga mejbur bolýar. Hasylsyzlyk netijesinde işdäaçaryň we pomidoryň bahasy içerki bazarda iki essä golaý gymmatlady. Öň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyna garaşylýardy, emma adatdan daşary howa temperaturalary sebäpli daýhanlaryň garaşany çykmady. Indi bölek söwda torlary, restoranlar we garbanyşhanalar brokkolidir işdäaçary Ispaniýadan hem-de Niderlandlardan satyn almaga mejbur bolýarlar. Ýurduň 100-den gowrak kompaniýasy importa garaşlylygy azaltmaga we milli azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga çagyryp, Premýer-ministre açyk hat ýazdylar. Bu barada «news.by» habar berdi.